Kanadada daşary ýurtlardan göçüp gelýänleriň hem täsiri bilen geçen ýyl ilat rekord derejede artypdyr. Bir ýylyň dowamynda ýurduň ilaty 1 milliondan gowrak köpelip, 39,57 milliona ýetdi. Kanadanyň milli strategiýa edarasy “StatCan”-yň ýaýradan maglumatlaryna görä, ilatyň artan böleginiň 96 göterimini daşary ýurtlardan göçüp gelenler emele getirýär. Maglumatlara görä, ilatyň artyş tizligi 2,7 göterim bolup, G7 ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolupdyr.
Ýurduň ilaty mundan ozal 1957-nji ýylda 3,3 göterim artypdyr. Şeýlelikde, şol ýyldan soňky rekord derejede ilat artyşy hasaba alnypdyr. Maglumatda ýurduň ilatynyň artmagynyň hökümet başlygy Jastin Trudýonyň ýurtdaky işçi ýetmezçiligi sebäpli göçüp gelýänler üçin ýeňillik döredilmegi bilen bagly bolup biljekdigi bellenildi.
Aýbölek Durdybaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby.
PDF









