Bilşimiz ýaly, bahar pasly ýetip geldi. Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigata jan girýär, babadaýhanlaryň iş-aladalary barha artýar. Ata-babalarymyzyň aýdan jümlelerinden ugur alsaň, ýylyň ygally bolmagy rysgal-berekediň alamaty hasaplanýar. Bu ýyl hem ygally geldi. Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen babadaýhanlar ýazky ekiş möwsümine girişýärler. Arkadagly Serdarymyz Daşoguz welaýatynda 29-njy martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi. Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary barha golaýlaşýan gowaça ekişine taýýarlyk işlerini batly depginlerde dowam etdirýärler. Gowaça ekişi geçirilmegi göz öňünde tutulan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ekiş möwsümine gatnaşjak tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň möwsümde saz we gurat işlemegini gazanmak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrmak, olaryň bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi ugrunda ägirt işleri durmuşa geçirýär. Ýylyň-ýylyna täze kuwwatly tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi, ýokary hilli tohum, dökün, suw bilen doly üpjün edilmegi şeýle hem 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap kärendeçileriň öndüren önümleriniň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göterimini daýhanlara döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen bahalardan satmak ýaly Kararlaryň kabul edilmegi her bir kärendeçini täze zähmet üstünligini gazanmaga, işe bolan höwesini artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Ine şular ýaly döwletimiz tarapyndan döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan kärendeçi daýhanlar bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda haýsy daýhan birleşikleriň ekin meýdanlaryna baryp göreniňde munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen sözlerinden göwünleri galkynan daýhanlar öz öňlerinde goýan meýilnamany berjaý etmek Arkadagly Serdarymyzyň öz il-halkyna bildiren ynamyny ödemekde çekýän päk zähmeti bereketli altyn güýzde özüniň guwandyryjy netijesini berer. Çünki gadamlary batly daýhanlaryň çekýän ýadawsyz zähmeti, edýän yhlas-aladalary bol hasylyň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Goý, babadaýhanlarymyzyň her bir dänesi müň bolup, ýyllarymyz rysgal-bereketli bolsun! Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolsun. Halkymyzyň bagtyýarlygy ugrynda durmuşa geçirýän her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.