Şu ýylyň 23-nji aprelinde hem-de 7-nji maýynda iki tapgyrda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan Emmanuel Makron Fransiýanyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi. Ol 14-nji maýda Eliseý köşgünde ýurduň ozalky döwlet baştutany Fransua Ollanddan ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini kabul etdi. Makron bilen Ollandyň duşuşygy 1 sagat dowam etdi. Şondan soňra Makron döwlet baştutany hökmünde ilkinji çykyşyny amala aşyrdy. Ol Fransiýanyň XXI asyrda iň güýçli döwletleriň hataryndaky ornuny berkitmek üçin zähmet çekjekdigini mälim etdi.
Emmanuel Makron “Öňe!” hereketiniň ýolbaşçysy hökmünde saýlawlara gatnaşyp, ýeňiş gazandy. Ol ýurduň şu wagta çenli ýokary döwlet wezipesine saýlanan iň ýaş Prezidentidir. 39 ýaşyndaky syýasatçy täze wezipesinde ilkinji kararyna gol çekdi. Ol Eliseý köşgüniň baş sekretary wezipesine Aleksi Koleri, Prezidentiň kabinetiniň müdiri wezipesine bolsa, Patris Strizdany belledi. Şeýle hem Filipp Etýen diplomatik meseleler boýunça maslahatçy, Ismael Emelýen bolsa, ýörite maslahatçy boldy.
Makron mundan ozalky Prezident Fransua Ollandyň döwründe ykdysadyýet ministri wezipesinde işledi. Ol syýasy zähmet ýolunda esasy bilim ojaklarynyň ikisini tamamlady. Pariždäki Syýasaty öwreniş institutynda (Fransiýanyň syýasy we diplomatik gatlagynyň merkezidir) hem-de Milli administrasiýa mekdebinde okady. Soňra uzak ýyllaryň dowamynda bank ulgamynda zähmet çekdi. Premýer-ministr Manuel Walsyň hökümetiniň düzüminde ykdysadyýet ministri, senagat we sanlaýyn işler boýunça ministr wezipelerinde işledi.
1999-2001-nji ýyllarda Pariž-X uniwersitetinde okaýarka, fransuz pelsepeçisi Pol Rikeriň kömekçisi boldy, 2004-nji ýylda ykdysadyýet ministrliginde kiçi gözegçi bolup, ilkinji wezipesini amala aşyrdy.
Zähmet ýoluna ykdysadyýet ugry bilen başlan Makron 2012-nji ýylda Fransua Ollandyň teklibi boýunça onuň Baş sekretarynyň birinji orunbasarlygyny kabul edilýär. 2014-nji ýylda ykdysadyýet ministri wezipesine bellenýär.
2007-nji ýylda ýaş syýasatçy Brižit Tronýä öýlenýär. Makron Amen şäherinde Pikardiýa uniwersitetinde işleýän, newrologiýa boýunça professor Žan-Mişel Makronyň maşgalasynda 1977-nji ýylyň 21-nji dekabrynda dünýä inýär. Onuň ejesi hem lukman Fransuaz Makron-Nogesdir. Ol Pariž-X uniwersitetinde bilim alýar. Makron şu wagta çenli deputat we häkim wezipesinde işlemän, döwlet baştutany wezipesine saýlanan ilkinji syýasatçydyr. Fransiýada döwlet Baştutany 5 ýyllyk möhlete saýlanýar.
66 million ilaty bolan Fransiýanyň täze Prezidenti Emmanuel Makron özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Germaniýa amala aşyrdy. Bu ýerde ýurduň Kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy.
Şeýle-de ýurduň Prezidenti täze Premýer-ministri hem wezipä belledi. Eduard Filipp Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk eder. Ol 1970-nji ýylda Ruan şäherinde dünýä inýär. 46 ýaşyndaky syýasatçy mundan ozal, Gawr şäheriniň meri wezipesinde işledi. Bu şäherde ýurduň iň uly porty ýerleşýär. Eduard Filipp Respublikanlar partiýasynyň agzasy bolup, ol 2010-njy ýylda Gawr şäheriniň meri wezipesine saýlandy.