Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Ýollar we zolaklar» atly halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Hytaýyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Ýollar we zolaklar” strategiýasy “Asyryň taslamasy” hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Ol Hytaýyň hökümetiniň şu wagta çenli guran iň ýokary derejedäki daşary syýasat çäresi boldy.
Oňa 29 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň wekilleri hem-de 130-dan gowrak döwletden 1500-e golaý wekilçilikli topar gatnaşdy. Hususan-da, halkara foruma dünýäniň iri ykdysadyýetine eýe döwletler – ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we BRIKS ýurtlary wekilçilik etdi. Hytaýyň Geňeşiniň Başlygy Si Szinpin bilen bir hatarda, bu halkara forumda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş çykyş etdi.
Si Szinpin öz çykyşynda Ýüpek ýolunyň ruhuny häsiýetlendirip, onuň adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly mirasydygyny belläp geçdi. Şeýle hem ol gadymy Ýüpek ýoly müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýüpek ýolunyň ruhuny emele getirdi. Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk, açyklyk, birek-birege kömek bermek we özara bähbitlilik – Ýüpek ýolunyň ruhunyň özenidir diýip, belledi.
– 2013-nji ýylda “Ýollar we zolaklar” başlangyjy bilen çykyş etdik. Ol Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýöne bu taslamamyz ähli dostlarymyz üçin açykdyr – diýip, Si Szinpin nygtap geçdi.
Hytaý bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda 40-dan gowrak döwlet we halkara guramalary ylalaşyklara gol çekişdiler. Degişli döwürde Hytaýyň “Ýollar we zolaklar” taslamasynyň ugrunda ýerleşýän döwletler bilen haryt dolanyşygynyň möçberi 3 trillion dollara deň boldy. Bu ýurtlarda Hytaýyň maýa goýumy 50 milliard dollardan geçdi.
Hytaý bu taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin Ýüpek ýoly gaznasyna goşmaça 100 milliard ýuan (takmynan, 14,5 milliard dollar) möçberinde maýa goýmakçy. Mundan başga-da, Hytaýyň banklary 380 milliard ýuan möçberinde (55,1 milliard dollar) ýörite karzlar bermegi meýilleşdirýär. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan ösüp gelýän ýurtlara we halkara guramalara 60 milliard ýuan möçberinde kömek bermek göz öňünde tutulýar.
“Bir zolak-bir ugur” taslamasy Ýüpek ýolunyň ykdysady hem-de deňiz söwda gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen öňe sürüldi. Bu ägirt uly taslama bilen Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa döwletleri bilen birleşdirilmegi hem-de olaryň arasynda ulag, energetika we söwda geçelgeleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Öňümizdäki ýyllarda Hytaýyň daşary ýurtlardaky maýa goýumy 600-800 milliard dollara barabar bolar. Onuň agramly bölegi Ýüpek ýolunyň ykdysady zolagy üçin sarp ediler.
Hytaýyň ýolbaşçy düzüminiň öňe süren taslamasy 60-dan gowrak ýurdy öz içine alýar. Onuň gurşap alýan meýdany 40 million inedördül kilometre barabar bolup, dünýäniň ilatynyň 4,5 milliardyna öz oňyn täsirini ýetirer.