“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.