Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 35-nji Prezidenti Jon Kennediniň (1917 – 1963) inisi Robert Kennedi ýurduň indiki Prezident saýlawynda iň ýokary hökümet wezipesine dalaş etmekçi. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berýär.
Syýasatçy 2024-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Ol Demokratik partiýasy tarapyndan dalaş etmegi maksat edinýär. 69 ýaşly Robert Kennedi aklawçy we daşky gurşaw boýunça aktiwist. Onuň kakasy Robert Kennedi (ulusy) (1925 – 1968) ABŞ-da syýasatçy we döwlet işgäri hökmünde tanalýardy. Robert Kennedi ABŞ-nyň Baş prokurory wezipesini eýeledi we 1968-nji ýylda prezidentlige dalaş etdi. Mundan başga-da, ol Jon Kennedi bilen dogan.
Häzirki wagtda iki dalaşgär 2024-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşmak baradaky niýetini mälim etdi – Kennedi kiçi we ýazyjy Marianne Wilýamson. Ýurduň häzirki Prezidenti Jozef Baýden ýene-de saýlawlara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, heniz bu barada resmi beýanat bermedi.