Smartfon we aragatnaşyk tehnologiýalaryny öndürýän «Huawei» kompaniýasy 5G tehnologiýasynda öňdeligi eýeleýär. Soňky ýyllarda smartfon satuwy pese gaçan hem bolsa, hytaý kompaniýasy «Ericsson», «Nokia», «Qualcomm» we «Samsung» ýaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy. «ABI Research» maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, «Huawei» dünýäde 5G-niň tehniki innowasiýalaryna we täze ülňülerine uly goşant goşýar. Maglumatda 5G tehnologiýasynda öňe saýlanýan 20 kompaniýanyň ady bolup, «Huawei» 15 müň 266 tassyklanan patent döredipdir. «Ericsson» 11 müň 601, «Nokia» 7 müň 553 patent alypdyr. Häzirki wagtda dünýäde 210 müňden gowrak 5G standart patenti alnyp, olaryň 40 göterimi hytaý kompaniýalary tarapyndan döredilipdir. Şeýlelikde, Hytaý bu ugurda dünýäde öňdeligi eýeleýär.
«Huawei» geçen ýyl 5G tehnologiýasyny kämilleşdirmek üçin umumy girdejisiniň 25,1 göterimini (61,5 milliard ýuan) sarp edipdir. Bu bolsa, kompaniýanyň infrastrukturasyny kämilleşdirmekde täze ülňüleri girizip, müşderilerine has gowy goldaw beripdir.
Gülnabat HOJAKOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.