Angliýaly meşhur boksçy Amir Hanyň doping barlaglary položitel netije berdi. Britaniýanyň antitoping gullugynyň habar bermegine görä, Amir Hanyň soňky duşuşygyndan öň alnan barlaglaryň netijesi boýunça tanymal boksçuda gadagan edilen närseleriň birine gabat gelindi. 36 ýaşyndaky boksçy geçen ýylyň fewral aýynda Kell Bruk bilen tutluşyk geçiripdi. Netijede, Hanyň ganynda gadagan bolan anabolik ostarin maddasyna duş gelindi.

Doping düzgünlerini dolulygyna berjaý etmändigini makullan Han şol maddany bilgeşleýin almandygyny aýtdy. Şunlukda, Amir Hana 2 ýyllyk jerime berildi. Onuň jerimesiniň başlan möhleti 2022-nji ýylyň 6-njy apreli bolup, ol 2024-nji ýylyň 5-nji apreline çenli hiç hili professional sport ýaryşlaryna gatnaşmaz.

Karýerasy boýunça 40 duşuşygyň 34-sinde ýeňiş gazanan orta agram boýunça köne dünýä çempiony Han soňky tutluşygynda Brukdan 6-njy raundda tehniki nokaut bilen asgyn gelipdi. Şondan soňam geçen ýylyň maý aýynda karýerasyny tamamlandygyny aýdypdy.