Pakistan döwleti Gimalaý daglarynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, dünýäde üýtgeşik tebigatly, täsinliklere baý ýurtlarynyň biridir. Bu ýurtda Penjap we Hunjerap welaýatlaryny birleşdirýän 1300 kilometrlik awtomobil ýol bolup, ol deňiz derejesinden 4714 metr belentlikden geçýär. Beýik dag gerişleriniň arasyndan geçýän, uçut gaýalaryň gapdalyndan geçýän bu ýol dünýäniň iň çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň biridir. Ony Ýer ýüzündäki sekizinji täsinlik diýip atlandyrýarlar.
Ýurtda Ewerestden soňra dünýäde iň beýik belentlikleriň biri ýerleşýär. Pakistan-Hytaý araçäginde ýerleşýän, Çogori ýa-da Godwin-Ostin daglarynyň iň beýik gerşi 8611 metre barabardyr. Mundan başga-da ýurtda dünýäniň iň beýik daglarynyň hataryna girýär daglar bar.
Şeýle hem Mohenjo-Daro ýadygärligi dünýäde iň gadymy ýadygärlikleriň biri hasaplanýar. Bu gadymy ýadygärlik alymlaryň pikirine görä, biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda esaslandyrylyp, onda ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşaýyş höküm sürüpdir. Hunjerap geçelgesindäki bankomat hem dünýäde iň belent ýerde oturdylan bankomat hasap edilýär. Pakistan täsinlikleriň we ajaýyplyklaryň mekany bolmak bilen, syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
Wepa PIROW, Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.