Ýaponiýanyň “Seven & i” kompaniýasy ýylyň dowamynda 10 trillion ýenden köp satuwy amala aşyran ilkinji ýapon bölek söwda kompaniýasy boldy. Kompaniýa geçen ýylyň 1-nji martyndan şu ýylyň 28-nji fewraly aralygyny öz içine alýan maliýe ýylyndaky satuwyny geçen ýyldakydan 35 göterim ýokarlandyryp, 11,8 trillion ýene (90 milliard dollar) ýetiripdir. Şeýlelikde, 10 trillion ýenden köp söwda eden ýapon kompaniýasy bolupdyr.
Soňky ýylda kompaniýanyň arassa peýdasy 33,3 göterim artyp, 280,9 milliard ýen (2,12 milliard dollar) bolupdyr.
Kompaniýanyň satuwynyň artmagynda 2021-nji ýylda ABŞ-nyň “Speedway” dükanlar zynjyryny satyn almagynyň täsiriniň uly bolandygy bellenilýär. Şondan soňra kompaniýanyň daşary ýurtlardaky satuwy artyp başlapdyr.
1920-nji ýylda “Ito Yokado” ady bilen Tokýoda esaslandyrylan “Seven & i” dünýäniň iň uly 20 bölek söwda firmasynyň hataryna görýär.
Durdymämmet Hanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.