Deňiz kenarlarynda gezelenç edilýän pursatlarynda balykgulakdyr midiýalaryň we käbir deňiz jandarlarynyň gabygynyň çäge bilen garyşan toplumyna duş gelmek bolýar. Deňiz jandarlarynyň çägä garyşan gabyklary tebigatyň gözelligini artdyryp, syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. Şeýle tebigy gözellikleriň biri hem deňiz ýyldyzjyklarydyr.
Deňiz kenarynda çägä garyşýan kiçijik ýyldyzlar «Baclogypsina sphaerulata» diýlip atlandyrylýan bir öýjükli protozoanyň önümidir. Protozoa gabygyny çalyşýan möwsüminde deňizde müňlerçe ýyldyzly gabyk toplanýar. Tolkunlaryň kenara getirip taşlamagy bilen deňiz ýyldyzjyklary çägä garyşýar. Şeýlelikde, ýyldyzly çäge emele gelýär. Möwsümleýin bolup geçýän bu hadysa dünýäde käbir ýerde duş gelýär. Syýahatçylyk pudagynyň käbir ugurlarynda öňdeligi eýeleýän Ýaponiýanyň Okinawa adasynda ýyldyzly çägede ýöräp, bu tebigy gözelligiň şaýady bolup bolýar. Esasan, Okinawanyň üç adasynda: Hatoma, Iriomote we Taketomi adasynda duş gelýän deňiz ýyldyzjyklary güýçli tupandan soň peýda bolýar.