Futbol janköýerleriniň iň söýgüli bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar Ligasynda ertir çärýek finalyň duşuşyklaryna badalga berler. Ilkinji günüň 2 duşuşygynda “Mançester Siti” bilen “Bawariýa” duşuşar. 00:00-da başlanjak duşuşyga ispaniýaly Hesus Žil Manzano eminlik eder. Ispaniýaly tälimçisi Pep Guardiolanyň häzirki hem-de ozalky klublary mundan öň 6 gezek özara duşuşdylar. Şol duşuşyklarda iki toparam 3 gezek ýeňiş gazanyp, “Bawariýa” 10, “Mançester Siti” 9 gol geçirdi.

Günüň beýleki bir duşuşygy-da Portugaliýada “Benfika” bilen Italiýanyň “Interiniň” arasyndaky oýun bolar. Duşuşykda angliýaly Maýkl Oliwer jürlewük çalar.

1/8 finaldan soň çärýek finalda-da portugal kluby bilen bije çekişen “Inter” topary “Benfika” bilen mundan öň geçiren 3 duşuşygynda-da ýeňilmedi. 2 gezek ýeňiş gazanan “Inter” 1965-nji ýyldaky finalda “Benfikadan” 1-0 üstün çykypdy.