Braziliýanyň kenarlarynda müň kilometr çemesi uzakdaky Trindadi-e-Martin-Was adasynda hiç hili ilat ýaşaman, baý biodürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ada syýahatçylaryň hem barmagyna rugsat berilmeýär. Bu ýere diňe ylmy barlaglar üçin bilermenleriň barmagyna rugsat berilýär. Emma meýdany 10 kwadrat kilometr bolan bu ada adamlardan näçe daş hem bolsa, plastik galyndylary ol ýere çenli baryp ýetipdir. Plastik galyndylary bu ýerde tebigy çökündilere garyşyp, gögümtil reňkli plastik daşlary emele getiripdir. Parana federal uniwersitetinde iş alyp barýan geolog Fernanda Awelar 2019-njy eroziýa ýaly geologik töwekgelçilikleri öwrenmek üçin bu ada barypdyr.
Bilermen nesli azalyp barýan ýaşyl deňiz pyşbagalarynyň mekan tutunan ýeriniň golaýynda ýöreýän wagty gök öwüsýän daşlary görüpdir. Geolog ilkibaşda birnäçe daşyň üstüni örten bu çykgydyň “konglomera” diýilýän we dünýäniň dürli ýerinde duş gelýän çökündilerden emele gelen daşdygyny pikir edipdir.
Emma onuň reňki alymy haýran galdyrypdyr. Fernanda ol ýerden nusga alyp laboratoriýa iberipdir. Geçirilen himiki barlaglaryň netijesinde daşlaryň plastmassa bilen daşyň täsirleşmegi netijesinde emele gelendigi anyklanypdyr.