Günorta Afrika Respublikasynda Pasha baýramçylygy mynasybetli jübütleriň 800-si durmuş gurdy. Bu barada “Habar 24” ýazýar. Bu koronawirus pandemiýasyndan soň iň köp nikanyň bellige alynmagydyr.
Günorta Afrika Respublikasynda “Pashadaky toýlar” diýlip atlandyrylýan möwsümde däp bolup gelýän tanslardyr aýdymlar ýerine ýetirilýär. Köpçülikleýin toý tutmak dabarasy ýurtda her ýyl geçirilýär, ýöne bu ýyl pandemiýa bilen bagly iki ýyllyk arakesmeden soň guraldy. Şoňa görä durmuş gurmak isleýänleriň sany iki esse artdy.
Nikalaşmak dabarasy Ýohannesburg şäherinden 100 kilometr uzaklykdaky iň uly ybadathanalarynyň birinde geçirilip, dabarany synlamak üçin ýüzlerçe adam ýygnanýar.