Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasyna goşuldy

89

Ba­zar gym­ma­ty­na gö­rä, Ýew­ro­pa­nyň iň uly kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan LVMH dün­ýä­niň iň gym­mat brend­le­ri­niň il­kin­ji on­lu­gy­na gir­di. Lýuks egin-eşik­le­ri sat­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­dä­ki sa­tu­wy paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy­nyň 5 gö­te­rim art­ma­gy­na ge­tir­di. Ýew­ro­nyň gym­ma­ty­nyň hem art­ma­gy bi­len LVMH-niň ba­zar gym­ma­ty 486 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şeý­le­lik­de, LVMH ba­zar ba­ha­sy ba­bat­da dün­ýä­niň iň uly onun­jy kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar gym­ma­ty 500 mil­liard ýet­se, bu sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji kom­pa­ni­ýa bo­lar.
“App­le” 2,5 tril­li­on dol­lar bi­len hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­sy ha­sap­lan­ýar.
Ikin­ji ýer­de 2,11 mil­liard dol­lar ba­ha­sy bi­len “Micro­soft”, üçün­ji ýer­de 1,9 tril­li­on dol­lar bi­len “Aramco” bar. Dün­ýä­niň iň uly elekt­rou­lag kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan “Tes­la”-nyň ba­ha­sy 571 mil­liard dol­lar bi­len 8-nji we “Me­ta Plat­forms” 555 mil­liard dol­lar bi­len do­ku­zyn­jy ýer­de ýer­leş­ýär.

Beg­my­rat Ar­ba­tow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.