Hytaýyň Ýeriň orbitasynda hereket edýän “Shenzhou-15” kosmos bekedinde içindäki ekipaža ýetjek derejede kislorod öndürilip başlanandygy mälim edildi. Mundan ozal kosmos bekedinde iş alyp barýan taýkonawtlar üçin gerek bolan kislorod Ýerden äkidilýärdi. Indi bolsa, ol ýerde kislorodyň gaýtadan öndürilip başlanandygy mälim edildi.
Kosmos bekedinde kislorodyň öndürilmegi ol ýerde iş alyp barýanlar üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Kosmos bekedinde adamyň ýaşamagy üçin diňe howa däl, suw we iýmit hem gerek bolýar. Emma kosmosa ýük ibermek örän gymmada düşýär. Şol sebäpli ol ýerde iş alyp barýanlaryň zerurlyklary mümkingadar şol ýerde üpjün edilmäge çalşylýar. Hytaýly bilermenleriň işläp taýýarlan ulgamy suwuň elektrolizi arkaly kislorod önümçiligi, kömürturşy gazyny arassalamak, zyýanly gazlardan arassalamak, peşew arassalamak, suwy arassalamak, kömürturşy gazy hem-de wodorod bilen suw öndürmek ýaly işleri öz içine alýar.
Şeýlelikde, kosmosa diňe kislorod ballonlaryny däl, eýsem suw äkitmäge zerurlyk hem azalýar. Hytaýly bilermenler bu tehnologiýanyň häzire çenli döredilen iş kämil tehnologiýalaryň biridigini belleýärler.
Hytaýyň özbaşdak işläp taýýarlan kosmos bekedi Halkara kosmos bekedinden tapawutlylykda üç ekipaža niýetlenendir. Ol ýerde iş alyp barýan alymlar alty aýdan bir gezek orunlaryny çalyşýarlar.
Şöhrat Rozyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









