Kosmos bekedinde kislorod öndürildi

95

Hy­ta­ýyň Ýe­riň or­bi­ta­syn­da he­re­ket ed­ýän “Shenz­hou-15” kos­mos be­ke­din­de için­dä­ki eki­pa­ža ýet­jek de­re­je­de kis­lo­rod ön­dü­ri­lip baş­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Mun­dan ozal kos­mos be­ke­din­de iş alyp bar­ýan taý­ko­nawt­lar üçin ge­rek bo­lan kis­lo­rod Ýer­den äki­dil­ýär­di. In­di bol­sa, ol ýer­de kis­lo­ro­dyň gaý­ta­dan ön­dü­ri­lip baş­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.
Kos­mos be­ke­din­de kis­lo­ro­dyň ön­dü­ril­me­gi ol ýer­de iş alyp bar­ýan­lar üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Kos­mos be­ke­din­de ada­myň ýa­şa­ma­gy üçin di­ňe ho­wa däl, suw we iý­mit hem ge­rek bol­ýar. Em­ma kos­mo­sa ýük iber­mek örän gym­ma­da düş­ýär. Şol se­bäp­li ol ýer­de iş alyp bar­ýan­la­ryň ze­rur­lyk­la­ry müm­kin­ga­dar şol ýer­de üp­jün edil­mä­ge çal­şyl­ýar. Hy­taý­ly bi­ler­men­le­riň iş­läp taý­ýar­lan ul­ga­my su­wuň elekt­ro­li­zi ar­ka­ly kis­lo­rod önüm­çi­li­gi, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny aras­sa­la­mak, zy­ýan­ly gaz­lar­dan aras­sa­la­mak, pe­şew aras­sa­la­mak, su­wy aras­sa­la­mak, kö­mür­tur­şy ga­zy hem-de wo­do­rod bi­len suw ön­dür­mek ýa­ly iş­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Şeý­le­lik­de, kos­mo­sa di­ňe kis­lo­rod bal­lon­la­ry­ny däl, eý­sem suw äkit­mä­ge ze­rur­lyk hem azal­ýar. Hy­taý­ly bi­ler­men­ler bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zi­re çen­li dö­re­di­len iş kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Hy­ta­ýyň öz­baş­dak iş­läp taý­ýar­lan kos­mos be­ke­di Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­den ta­pa­wut­ly­lyk­da üç eki­pa­ža ni­ýet­le­nen­dir. Ol ýer­de iş alyp bar­ýan alym­lar al­ty aý­dan bir ge­zek orun­la­ry­ny ça­lyş­ýar­lar.

Şöh­rat Ro­zy­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.