20 sagatlyk uçuşy 4 sagatda tamamlar

68

Ses­den ga­ty gid­ýän ýo­lag­çy uçar­la­ry 70-nji ýyl­lar­da peý­da bo­lan hem bol­sa, bu uçar­la­ryň ula­nyş­dan ga­la­ny­na köp wagt geç­di. Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin dür­li kom­pa­ni­ýa­lar öz tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ýar­lar. Adat­da­ky­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da tä­ze iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan ho­wa gä­mi­le­ri wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­lär.
Ýew­ro­pa­dan Ýe­riň ol çe­ti ha­sap­lan­ýan Awst­ra­li­ýa uçar bi­len 20 sa­gat­da ba­ryp bol­ýar. Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Des­ti­nus” at­ly star­ta­py bu ara­ly­gy 4 sa­gat­da ge­çip bil­ýän ýo­lag­çy uça­ry­ny ön­dür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Mi­ha­il Ko­ko­riç ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan “Des­ti­nus” şe­re­ke­ti­niň hü­när­men­le­ri ses­den bäş es­se­den hem çalt git­jek nus­ga­lyk uça­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu gör­ke­zi­ji sa­gat­da 6000 ki­lo­metr diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu tiz­lik Frank­furt­dan Sid­ne­ýe dört sa­gat­dan sä­hel gow­rak wagt­da ba­ryp bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ho­wa gä­mi­si Lon­don­dan Nýu-Ýor­ka ba­ry-ýo­gy 90 mi­nut­da ba­rar.
Uça­ryň ýo­ka­ry tiz­lik­de git­me­gi üçin di­ňe teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyl­maz. Ho­wa gä­mi­si ýer­den 50 ki­lo­metr be­lent­lik­den – sür­tül­mä­niň has az ýe­rin­den uçar. Iş­läp dü­zü­ji­ler uça­ryň di­ňe wo­do­rod bi­len iş­le­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu bol­sa, onuň tüs­se­çy­ka­ryn­dan zy­ýan­ly gaz däl-de, di­ňe bug çyk­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Ko­ko­riç 7 müň 500 ki­lo­metr ýol geç­ýän 25 ýo­lag­çy orun­lyk il­kin­ji nus­ga­sy­nyň şu on­ýyl­ly­gyň ahy­ryn­da peý­da bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Soň­ra bol­sa, 100 we köp orun­lyk uçar­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nar.
Eý­ýäm kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­dy. Ge­çen ýyl Mýun­hen­de “Ei­ger” at­ly ikin­ji nus­ga­lyk uçar şow­ly ýag­daý­da sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di.

Beg­na­zar Toý­ly­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.