Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda düýpli ylmy esaslara daýanýan ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa şu ýylyň 3 aýynyň makroykdysady görkezijileri hem aýdyňlygy bilen subutnamadyr.
2023-nji ýylyň 3 aýynyň makroykdysady görkezijileri barada aýdylanda, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar–mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen 3 aýyň dowamynda jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 53,8 kilometri, ýaşaýyş jaýlarynyň 126,1 müň inedördül metri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 134,4 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we beýleki maksatly dürli desgalarda gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar.
Häzirki wagtda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly we ýerli işewürleriň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Maýa goýumlaryň hasabyna täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, obalary özgertmek, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek boýunça talabalaýyk işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi giň gerimde dowam etdirilýär.
Ýurdumyz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy iş ýerleriniň köpelmegini şertlendirýär. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylmagy bu wezipäniň üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini üpjün edýär. Halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda kämil binýada eýe bolýar.
Aşyrmyrat ÖWEZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.