20-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş ug­run­da 2021-2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň çar­çu­wa­ly Mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dö­re­di­len bi­le­lik­dä­ki ýol­baş­çy to­pa­ry­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di.
Mej­li­siň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de iş­gär­le­ri, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri, BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.
Dur­nuk­ly ösüş ug­run­da 2021-2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň çar­çu­wa­ly Mak­sat­na­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm bir­lik­le­ri bi­len ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şi­ni kes­git­le­ýän hem-de or­ta we uzak­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­lar­dyr me­ýil­na­ma­la­ra esas­lan­ýan mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri, azyk howp­suz­ly­gy, san­ly­laş­dyr­ma we mag­lu­mat­la­ry do­lan­dyr­mak, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş me­se­le­le­re we beý­le­ki­le­re se­re­dil­di hem-de sel­je­ril­di.
Şeý­le hem, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çy­kyş­la­ry bi­len hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri hem-de Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ry­nyň we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler. Meý­le­tin mil­li syn bo­ýun­ça öza­ra pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.