Gaýybana syýahat
«King Fahr» dünýäniň iň uly halkara howa menzili hasaplanýar. Ýolagçy gatnawynyň sanawynda üçünji orny eýeleýän «King Fahr» halkara howa menzilinden her ýyl 10 milliondan gowrak adam peýdalanýar. Bu howa menzilinde 37 awiakompaniýanyň uçarlary 4 kilometrlik iki ugurly uçuş we gonuş zolagynda hereket edýärler.
1999-njy ýylda işe girizilen bu howa menziliniň üç terminal binasy bar. Alty gatly esasy terminal binasynyň meýdany 327 müň inedördül metr bolup, 15 giriş derwezesi hem-de 11 sany uçara münüş köprüsi bar. Bu terminaldan daşary ýurtlaryň 44-sine uçuşlar amala aşyrylýar. 177 inedördül metr meýdany tutýan korol terminaly hökümet işgärleri we myhmanlar üçin niýetlenip, bezeg aýratynlygy we döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu terminalda ýolagçylary uçar bilen birleşdirýän 4 köpri bar. Halkara howa menziliniň «Aramco» terminalynda uçarlar saklanyp, degişli hyzmatlar ýerine ýetirilýär. «King Fahr» halkara howa menzilinde dürli sowgatlary we harytlary satmak üçin ýörite meýdança bar. Mundan başga-da, bu ýerde restoranlar we banklar ýerleşýär. Şeýle hem halkara howa menzilinde 2 müň adama niýetlenen metjit hem-de ösümlik nahalhanasy bar.