Şu ýylyň 20-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Taryhy mejlisde Milli Liderimiz bu ýokary wekilçilikli edaranyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, şeýle-de ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak barada garaýyşlaryny beýan etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Şeýle özgertmeler Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwrümiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen berk sazlaşykly bu taglymat täze eýýamyň milli ideologiýasynyň özenini düzýär we halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda raýat jemgyýeti ähli taraplaýyn ösdürilýär, halk häkimiýetliliginiň täze institutlary döredilýär we kämilleşdirilýär.
Türkmenistan häzirki wagtda ösüşleriň we beýik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, alnyp barylýan giň gerimli işleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen, bu ugurda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, halk häkimiýetliliginiň wekilçilikli edaralar ulgamynyň milli nusgasy döredildi hem-de ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Umumy ykrar edilen halkara tejribeden, döwrüň öňe çykarýan möhüm talaplaryndan ugur alynmagy, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize, asylly däplere eýerilmegi onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumynyň – Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edaranyň döredilmegi, onuň düzüminiň kesgitlenilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr.
Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ýurduň geljegi, ýaş nesilleriň döwletiň, halkyň öňündäki jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, adamlaryň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk işjeňligini artdyrmak, raýat jemgyýetiniň ornuny pugtalandyrmak baradaky alada bütin aýdyňlygy bilen orta çykdy.
Milli Liderimiz telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny artdyrmak, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreleriň Halk Maslahatynyň işinde esasy üns berilmeli ugurlardygyny belledi.
Milli Liderimiziň giňişleýin çykyşynda öňe süren pikir-garaýyşlary biziň hemmämiziň döwrüň talaplaryndan ugur alyp, has-da netijeli işlemegimiz üçin ýolgörkeziji çelgidir. Çünki ol çykyşda möhüm wezipeler, tabşyryklar, işe täzeçil, döwrebap çemeleşmegiň netijeli usullary anyk beýan edildi. Hormatly Arkadagymyzyň öňde goýan wezipeleri jemgyýetiň döredijilikli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalardan we çözgütlerden ugur alýar. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kanunçylyk esaslaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek aýratyn wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa kabul edilýän hukuk namalarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň, jemgyýetiň we raýatyň bähbitleriniň deňagramlylygyna oňyn ýardam eder.
Kakageldi BUGRAÝEW,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň maliýe-ykdysady bölüminiň başlygy, baş hasapçysy.