Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­gyň ýo­lun­da hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn üp­jün edi­len ösen jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň top­lum­la­ýyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Şo­ňa bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­na san­ly bi­lim ul­ga­my­ny gi­ňiş­le­ýin or­naş­dyr­mak iş­le­ri giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da ça­ga­lar ak mek­de­biň ga­py­syn­dan ät­län il­kin­ji gü­nün­de okuw üçin ge­rek­li bo­lan prog­ram­ma­lar bi­len üp­jün edi­len komp­ýu­ter­le­ri sow­gat al­ýar­lar. Mu­nuň özi ýaş ne­si­liň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len has ir we iç­gin ta­nyş­ma­gy­na hem-de geç­ýän okuw ders­le­ri­ni tä­sir­li öz­leş­dir­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de äh­li bi­lim ojak­la­ry­na sa­pak geç­me­giň iş­jeň in­te­rak­tiw usul­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. In­te­rak­tiw gör­nüş­de sa­pak geç­mek usu­ly has-da da­şa­ry ýurt di­li öw­re­di­len­de özü­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Okuw sa­pak­la­ry in­te­rak­tiw usul ar­ka­ly gu­ra­lan­da ge­çil­ýän sa­pak ma­ny­ly, gy­zyk­ly we ne­ti­je­li bol­ýar. Sa­pak okuw­çy­la­ry, ta­lyp­la­ry ýa­dat­ma­ýar. Öw­re­dil­ýän zat­lar ýat­da ga­ly­jy bo­lup, ta­lyp­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Ta­lyp­lar­da öw­re­dil­ýän zat­lar bi­len bi­le­lik­de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, onuň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne bo­lan dü­şün­je­si gi­ňäp, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­leý­şi, on­dan peý­da­lan­ma­gyň düz­gün­le­ri­ni ele al­ýar­lar. Okat­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän bu usul ta­lyp­la­ryň akyl-aň de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­me­giň, ukyp­la­ry­nyň art­ma­gy­nyň iň bir yg­ty­bar­ly usu­ly hök­mün­de öňe sü­rül­ýär. Ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öw­ret­me­giň in­te­rak­tiw usu­ly ta­lyp bi­len mu­gal­ly­myň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni yg­ty­bar­ly üp­jün ed­ýär.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usu­ly­nyň berk bin­ýa­dy­ny dö­red­ýän we giň mag­lu­mat go­ru­ny üp­jün ed­ýän äh­li bi­lim ojak­la­ry­nyň san­ly ul­gam­la­ry­ny bir umu­my to­ra bi­rik­dir­mek işi ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Şeý­le hem umu­my to­ra de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bi­lim ul­ga­my­nyň san­ly gi­ňiş­li­gi dö­re­di­len­de dün­ýä­niň ösen bi­lim ul­gam­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­mak iş­le­ri­ne hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de san­ly bi­lim ul­ga­my­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly okuw ki­tap­la­ry­ny elekt­ron gör­nü­şe ge­çir­mek, her aý­da ta­lyp­la­ryň bi­lim­le­ri­ni bar­la­mak üçin in­ter­net to­ru­nyň üs­ti bi­len so­wal­na­ma­la­ry al­mak, beý­le­ki ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len elekt­ron okuw­la­ry­ny ýo­la goý­mak iş­le­ri san­ly ul­ga­myň hyz­mat­la­ry­nyň gi­ňiş­le­ýin ula­nyl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim ojak­la­ry komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, mul­ti­me­di­ýa tag­ta­la­ry, lin­ga­fon otag­la­ry bi­len yzy­gi­der­li üp­jün edil­ýär. Bu üs­tün­lik­ler ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň ýe­ten sep­git­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň alyp bar­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­syn­da ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim kuw­wa­ty­nyň tä­ze be­lent­lik­le­re çy­ka­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ta­lyp ýaş­lar söý­ýän hü­nä­ri­ni saý­la­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap bi­lim we kä­mil ter­bi­ýe al­ýar­lar.

Döw­ran An­na­ne­pe­sow,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.