Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man ulag-üs­ta­şyr lo­gis­tik dü­züm­ler, ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň döw­re­bap de­re­je­de, tä­ze rö­wüş­de di­kel­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» II jilt­lik ki­ta­byn­da: «Ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da bar bo­lan giň müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak we ola­ry tä­ze yk­dy­sa­dy de­re­jä ýe­tir­mek ar­ka­ly iň­ňän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, bu ugur­da iş­jeň he­re­ket ed­ýän­di­gi­miz hem bel­le­nil­me­li ýag­daý­dyr» di­ýip nyg­ta­mak bi­len, Türk­me­nis­tan­da kö­pu­gur­ly ulag-ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň, il­kin­ji no­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi mak­sa­da­la­ýyk ös­dür­mä­ge hem-de ahyr­ky ne­ti­je­de türk­men hal­ky­nyň eş­ret­li ýa­şaý­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dur­muş hä­si­ýet­li mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­ýär.
Hal­ka­ra ýük da­şa­ly­şy ama­la aşy­ry­lan­da dür­li döw­let­le­riň çäk­le­rin­den geç­mek­lik ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Ulag lo­gis­ti­ka­sy ama­la aşy­ry­lan­da ulag gör­nüş­le­ri­niň we amat­ly ug­ruň dog­ry saý­la­ny­lyp alyn­ma­gy, ýük­le­riň öz wag­tyn­da çalt we ar­zan aly­ja gow­şu­ryl­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ulag lo­gis­ti­ka­sy – ulag ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän, yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan dü­şün­je­dir.
Türk­me­nis­tan BMG-niň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da iş­jeň or­ny eýe­le­mek bi­len, anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, trans­mil­li ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de giň möç­ber­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň we hal­ka­ra de­re­je­sin­de ab­ra­ýy­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry hök­mün­de şu gün­ler ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra ulag fo­rum­la­ry­nyň en­çe­me­si ge­çi­ril­di. Mu­ňa my­sal edip, 2016-njy ýy­lyň 26-27-nji no­ýab­ryn­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­ny, 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da üs­ta­şyr-ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny kö­pu­gur­la­ýyn ös­dür­mek me­se­le­si­ne ba­gyş­la­nan Ulag we lo­gis­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­ha­ty gör­kez­mek bo­lar.
Umu­man, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­myz ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm hal­ka­sy, he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bol­mak bi­len, hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­nyň ösü­şin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gy­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler bi­len öza­ra saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýär.

Ogul­je­mal AKY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.