Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni şatlyk-şagalaňa beslenip toýlanýar. Demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz hem-de dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda, onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.
KONSTITUSION ÖZGERTMELER – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Konstitusiýamyz – Esasy Kanunymyz hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän özgertmeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň syýasy we hukuk esasy bolup durýar.
Döwletimiziň Esasy Kanuny – uzakmöhletli hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk nama bolup, onuň many-mazmuny bu namanyň hukuk derejesi bilen kesgitlenýär. Ol döwürleriň we nesilleriň, halkyň agzybirliginiň we jebisliginiň beýik maksatlara, jemgyýetimiziň saýlap alan parahat, rowaçlyk ýoluna üýtgewsiz ygrarlylygynyň üznüksiz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydyr.
Şu ýyl Baş Kanunymyzyň kabul edilenine 31 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Türkmenistanda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Konstitusion özgertmeler 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2008-nji, 2016-njy, 2017-nji we 2020-nji ýyllarda girizildi. Geçen ýyllaryň dowamynda döwlet-hukuk gurluşyna degişli bolan birnäçe kanunlar kabul edildi we ençeme çäreler geçirildi.
Döwletimiziň ösüşiniň her tapgyry özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň işini we gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry yglan edildi.
DÖWLET TUGUMYZ – BUÝSANJYMYZ
Ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýüreginde besläp gelen arzuw-isleglerini, milli häsiýetini, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Döwlet baýdagymyz her bir türkmen üçin mukaddes hem ezizdir. Bir bitewi döwletliligiň, özbaşdaklygyň, Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň buýsanjyna, guwanjyna öwrüldi. Her bir milletiň, döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlaryň bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň we raýatlaryň öz ýurduna bolan buýsanjynyň kepilidir.
Ýaşyl Tugumyz halkymyzyň parahatçylyk maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny buşlap, asuda asmanda belentde parlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlik baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjyny alamatlandyrýar.
Ýaş nesli belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde milli Tugumyzyň ähmiýeti örän uludyr. Baýdak – döwletiň buýsanjy, özbaşdaklygynyň alamaty. Döwlet Tugumyz halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini görkezýär. Ýaşyl Tugumyz – biziň göz-guwanjymyz, depämiziň täji. Ol biziň mertebämiz bolup, belentde parlaýar. Biziň üstünliklerimizi, şanly ösüşlerimizi, beýik ýeňişlerimizi buşlap, türkmen döwletini äleme äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklarda gazanylýan abraýly üstünlikler kalbymyza mukaddeslik bolup ornan ýaşyl Baýdagymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesini has-da belende göterýär.
Begenç ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.