18-nji maýda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.
Ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar. Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Parla, ýaşyl tugum!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem geçirildi. Çäreleriň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar ýerine ýetirildi.