Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tagallasy bilen tutuş dünýäde çilimkeşlige garşy göreş güýçlenýär. Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni bellenilip geçilýär. Bu sene 1987-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edildi. BSGG bu senäni belläp geçmek bilen, öz Çarçuwa konwensiýasyna laýyklykda, çilimkeşlige garşy göreşmegiň amaly usullaryny teklip edýär.
Şu şanly wakanyň öň ýanynda gurama tarapyndan ýaýradylan maglumatnamada çilimkeşlige garşy göreşi has-da güýçlendirmegiň zerurdygy bellenip geçildi. Sebäbi her ýyl temmäki ulanmak zerarly tutuş dünýäde 7 milliondan gowrak adam aradan çykýar. Temmäki zerarly saglygy dikeltmek üçin sarp edilýän pul serişdeleriniň möçberi 1,4 trillion dollara deňdir.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, temmäki adamlaryň saglygyna we durmuşyna, galyberse-de milli we sebit ösüşine hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Maşgalalarda temmäki üçin sarp edilýän puluň möçberi ýokarlanýar. BSGG-niň maglumatyna görä, 860 million uly ýaşly çilim çekýänler pes girdejili ýurtlarda ýaşaýar.
BSSG salgyt salmak arkaly temmäki meselesini aradan aýryp boljakdygyny mälim edýär. Her ýyl hökümetler temmäkä salynýan salgyt arkaly 270 milliard dollar üýşürýär. Bilermenler salgyt möçberini ýene-de 50 göterimden gowrak artdyrmagyň tarapdary. Şeýlelikde, her ýyl goşmaça 141 milliard dollar gazanmak mümkinçiligi döreýär. Bu girdejileri ýurtlar öz milli maksatnamalaryna ýetmek üçin sarp edip bilerler.