«Dragon Well» çaý meýdanlary bilen meşhurlyk gazanan Meijiawu dünýäniň çaý obasy hasaplanýar. Hytaýyň Hançžou şäherindäki Günbatar kölüň töwereginde – höwürtge şekilli depelerde oba ýaşaýjylary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän çaýyň dürli görnüşini görmek bolýar. Meijiawu obasynda, esasan hem, uly isleg bildirilýän iň meşhur çaý görnüşleriniň biri bolan «Dragon Well» ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýyl millionlarça jahankeşde çaý meýdanlaryny synlamak, çaý ýygnalyşyny we önümçilik pursatlaryny görmek hem-de çaýyň hakyky tagamyny dadyp görmek üçin çaý obasyna barýar. Çaý medeniýeti we çaý meýdanlaryndaky tanyşdyryş gezelençleri bilen myhmanlary garşy alýan Meijiawu dünýädäki iň meşhur ekerançylyk obasyna öwrüldi. Obadaky çaý meýdanlarynda syýahatçylar üçin gurlan 160 sany kiçiräk öý bar. Jahankeşdeler bu öýlerde düşlemek bilen Meijiawu obasynyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanşyp bilýärler. Şeýle hem çaý dabaralaryna gatnaşyp, hytaýlylaryň çaý içmek medeniýetiniň aýratynlyklaryny synlap bilýärler.
Çaý obasy özüniň «Dragon Well» çaýyndan başga-da, biloçun çaýy, duzly tagamy bilen tanalýan longjing balygy (owunjak balyga meňzeş çaý ýapraklary) ýaly käsede ýüzüp ýörýän çaý görnüşi bilen hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda obada çaý ýapraklary goşulyp taýýarlanýan naharlar hem peýda bolup başlady.