Sagdyn durmuş üçin iýmitiň ýaramlylyk möhletine seretmek örän möhümdir. Azykdyr gök önümler täzeligine iýlende bedeni zerur bolan maddalar we elementler bilen üpjün edýär. Haçanda bu tersine bolanda saglyk üçin howply ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, zaýalanan iýmitler 200 töweregi kesel töwekgelçiligini döredip bilýär. Şol sebäpli azykdyr gök önümleriň hiline üns bermek esasy şertleriň biri bolup durýar.
Dünýäde iň köp iýilýän iýmitleriň biri hem ýumurtga bolup, bu önüm uzak aralyga äkidilende ýa-da yssy howada çalt zaýalanýar. Bilermenler ýumurtgany et we süýt ýaly belok çeşmelerinden uzakda saklamalydygyny aýdýarlar. Ýumurtga sowadyjyda 3-5 hepdeden uzak saklanmaly däl. Bu iýmiti gaýnadylan görnüşde sowadyjyda 1 hepdeden köp saklap bolmaýar. Ýumurtganyň ýaramlydygyny ýa-da zaýalanandygyny ýüze çykarmagyň birnäçe usuly bar:
Jama suw guýup, ýumurtgalary ýeke-ýekeden suwuň içine salmak ýumurtgany «tanamakda» ulanylýan iň gadymy usullaryň biridir. Bu usulda täze ýumurtga suwuň düýbüne çöker, emma könelen bolsa, suwuň ýüzünde durar. Zaýalanan ýumurtganyň ýüzmegi içindäki howa öýjüginiň ululygynyň artmagy bilen düşündirilýär.
Ýumurtgany çakan wagtyňyz ýiti ysyň burnuňa urmagy hem onuň zaýalanandygyndan habar berýär. Şol sebäpli ýumurtgany bişirmezden öň gabygyny gözden geçirmeli. Jaýrygyň ýa-da döwügiň emele gelmegi bilen ýumurtga howa gatlagy girip, kükürdiň ysyna meňzeş ysyň döremegine sebäp bolýar.
Iň köp ulanylýan usullaryň biri hem ýumurtgany tekiz gaba çakyp görmekdir. Täze ýumurtganyň sarysy tegelek hem ýalpyldawuk bolýar, agy kän dargamaýar. Egerde ýumurtganyň sarysynda gülgüne ýa-da açyk menekler bar bolsa, onda bakteriýalaryň döräp başlandygyny görkezýär. Şeýle hem içi düşen ýumurtganyň sarysy bitin bolman, dargap gidýär.
Bilermenler täze ýumurtgany sowadyjyda birnäçe hepdeläp zaýalaman saklap boljakdygyny belleýärler. Ýöne bellenen möhletden soň (3-5 hepde) bu iýmiti iýmek maslahat berilmeýär.