Adam­zat öm­rü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ry iň gy­zyk­ly, ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra baý bo­lan döw­rü­dir. Ça­ga­lyk döw­ri tä­sin hem owa­dan dün­ýä­dir. Bu dö­wür adam dur­mu­şy­nyň hem­me za­dy ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­li­gi­niň bo­lan, gow­şak we go­ra­ga mä­täç bol­sa-da, güýç­li adam­lar­dan hök­mi zor bo­lan döw­rü­dir. Ça­ga köp zat bi­len gy­zyk­lan­ýar, äh­li za­dy bi­le­si gel­ýär, şeý­dip ol ýu­waş-ýu­waş­dan öw­ren­ýär. Ýe­ke­lik­de ýa-da deň-duş­la­ry we hos­sar­la­ry bi­len oý­na­ýar. Ça­ga­la­ryň oý­na­ýan oýun­la­ryn­da oýun­jak­lar uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ça­ga­lyk döw­rü­niň oýun­la­ry oý­na­waç­lar bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Oý­na­waç­lar ça­ga­la­ryň psi­ho­lo­gik ösü­şi­ne tä­sir ed­ýär. Olar hä­zir­ki za­man jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da ýa­şaý­şa taý­ýar­laý­jy se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ça­ga oýun­ja­ga güý­me­nip, wag­ty­nyň nä­dip ge­çen­di­gi­ni hem duý­man gal­ýar.
Oý­na­waç­lar adam­zat ta­ra­pyn­dan ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri hem ula­ny­lyp ge­lip­dir. Mu­ňa ar­heo­log­la­ryň ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ýü­ze çy­ka­ran ta­ry­hy ta­pyn­dy­la­ry şa­ýat­lyk ed­ýär.
Oý­na­waç di­ňe bir ça­ga­ny güý­me­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ag­lan ma­ha­ly şat­lan­dy­ry­jy, has­sa wag­tyn­da bol­sa sa­gal­dy­jy se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Oý­na­waç­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti-de ulu­dyr. Olar ça­ga­lar­da owa­dan­lyk, mä­hir, söý­gi, pa­ra­sat­ly­lyk ýa­ly yn­san dur­mu­şyn­da wa­jyp bo­lan duý­gu­la­ry oýar­ýar. Oý­na­waç­la­ryň kö­me­gi bi­len ça­ga reňk­le­ri hem-de dür­li hi­li şe­kil­le­ri ta­na­ma­gy öw­ren­ýär. Oý­na­waç ça­ga­nyň be­den ösü­şi­ne gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Oý­na­waç oý­na­ýan ça­ga­nyň aň­la­ýyş de­re­je­si, göz öňü­ne ge­ti­ri­ji­li­gi ýo­kar­lan­ýar.
Hä­zir­ki za­man döw­re­bap mek­dep­le­riň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­rin­de oý­na­waç­lar uly rol oý­na­ýar­lar. Daş­ky gur­şa­wy aň­la­ma­gy, te­bi­ga­ty bil­me­gi we söý­me­gi öw­red­ýär. Esa­san gyz ça­ga­lar gur­ja­gy sö­ýüp oý­na­ýar. Gur­jak oý­na­ýan ça­ga gur­jak bi­len der­di­niş­ýär, ýü­re­gin­dä­ki­ni paý­laş­ýar, ala­da­sy­ny ed­ýär, ge­ýin­dir­ýär, ýu­wun­dyr­ýar, hüw­dü­läp ýa­tyr­ýar. Ga­raz enä­niň ça­ga se­re­di­şi ýa­ly se­red­ýär. Dür­li hi­li haý­wan­la­ryň şe­kil­le­ri hök­mün­de ýa­sa­lan oý­na­waç­la­ry oý­na­ýan ça­ga şol haý­wan­la­ryň se­si­ni, hä­si­ýe­ti­ni öw­re­nip baş­la­ýar. Düz­me­je ýa­ly dür­li zat­la­ry gur­nap bol­ýan oý­na­waç­la­ry ýa-da ma­şyn­jyk oý­na­ýan ça­ga­nyň aň­la­ýyş, pi­kir­le­niş uky­by art­ýar, dür­li hi­li oý­lap ta­py­jy­lyk ba­şar­nyk­la­ry ös­ýär. Kä­bir gül­künç şe­kil­ler­den ýa­sa­lan oý­na­waç­lar ça­ga­la­ry şat­lan­dyr­ýar, be­gen­dir­ýär. Dür­li hi­li şar­lar, reňk­li hal­ka­lar, bir-bi­ri­niň içi­ne geý­di­ri­len oý­na­waç­lar reňk­le­ri saý­gar­ma­ga, ta­pa­wut­lan­dyr­ma­ga şe­kil­le­ri we göw­rüm­le­ri öw­ren­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ça­ga­nyň oý­na­ýan oý­na­wa­jyn­dan gel­jek­de onuň haý­sy ugur­dan ukyp-ba­şar­ny­gy­nyň peý­da bol­jak­dy­gy­ny bil­mek bol­ýar. Is­len­dik ça­ga­nyň ýaş wag­ty ha­la­ýan, hem­me­den eý gör­ýän ýe­ke-täk oý­na­wa­jy bol­ýar. Ça­ga şol oý­na­wa­jy­ny iň eziz gör­ýän za­dy hök­mün­de ga­ban­ýar.
Sö­zü­mi­zi jem­läp aýt­sak, ça­ga dur­mu­şy­ny oýun­jak­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ma­ýar. Dur­muş­da bo­lup geç­ýän köp wa­ka­la­ra ça­ga­lar oý­na­waç­la­ryň kö­me­gi bi­len dü­şü­nip bil­ýär. Esa­sy zat ça­ga­nyň ýü­rek­den ha­la­ýan oý­na­wa­jy­ny saý­lap bil­mek­dir.

Ser­dar ILA­MA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak gul­lu­gy­nyň Re­pe­tek döw­let bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy­nyň yl­my bö­lü­mi­niň yl­my iş­gä­ri.