Aprel aýyndan bäri tälimçisiz bolan Londonyň “Tottenham” topary täze tälimçisini mälim etdi. Demirgazyk Londonyň wekili çempion tälimçi Enj Postekoglu bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2021-nji ýyldan bäri “Seltik” toparyna tälim berip gelýän we şu möwsümde topary çempion eden awstraliýaly hünärmeniň şertnamasy 1-nji iýulda başlap, 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanar. 57 ýaşyndaky tälimçi şu möwsümde “Seltige” 3 kubok gazandyrdy. Ol “Seltik” toparyndan öň aglaba öz ýurdy Awstraliýanyň klublarynda işledi. Ussat tälimçi “Sout Melburn”, “Wittlsi Zebras”, “Brisban Roar”, “Melburn Wiktori” ýaly klublara, şol sanda gysga wagtlyk Gresiýanyň “Panaçaiki”, Ýaponiýanyň “Ýokohama F. Marinos” klublaryna, Awstraliýanyň U17, U20 ýygyndylaryna tälim berdi. Ol 2013-2017-nji ýyllar aralygynda-da Awstraliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi boldy. Awstraliýanyň ýygyndysy onuň tälimçiliginde 2015-nji ýylda Aziýanyň çempionlygyny gazanypdy.