Glo­bal de­re­je­de iş alyp bar­ýan awia­kom­pa­ni­ýa­lar 2023-nji ýyl­da­ky gir­de­ji­le­ri­ni iki es­se art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Sy­ýa­hat­çy­ly­ga bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýy­lyň do­wa­myn­da­ky peý­da­sy­nyň ozal­ky çak edi­li­şi ýa­ly, 4,7 mil­liard dol­lar­dan 9,8 mil­liard dol­lar bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.
Bi­ler­men­ler to­mus pas­lyn­da has köp ada­myň sy­ýa­hat et­me­gi­ne ga­raş­ýar. Mun­dan ne­bi­tiň ba­ha­sy­nyň ar­zan­la­ma­gy­nyň hem tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýan­gyç awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň esa­sy çyk­da­jy bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le hem üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da­ky gir­de­ji­niň pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky dö­wür­dä­kä go­laý­laş­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. 2019-njy ýyl­da bu pu­dak­dan je­mi 838 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­ny­lyp­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 803 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry bi­le­le­şi­gi­niň (IATA) baş mü­di­ri Wil­li Walş pu­da­ga ba­gyş­la­nan mas­la­hat­da bu ýyl pan­de­mi­ýa­nyň yz­da ga­lan­dy­gy­ny we ser­het­le­riň ada­ty ýag­daý­da açy­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, ser­het­ler açy­la­ny bä­ri en­tek köp adam sy­ýa­hat et­me­di, em­ma sy­ýa­hat et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ýag­da­ýyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­de 4,35 mil­liard ýo­lag­çy­nyň ho­wa gat­na­wyn­dan peý­da­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de, ýo­lag­çy sa­ny 2019-njy ýyl­da­ky­nyň 96 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar bo­lar.
Walş sy­ýa­hat­çy­ly­ga bo­lan is­le­giň iş orun­la­ry­nyň art­ma­gy bi­len ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bu ýag­daý adam­la­ra söw­da et­mä­ge hö­wes dö­re­dip, ha­la­ýan zat­la­ry­ny et­me­gin­de ynam dö­red­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ho­wa gä­mi­le­ri ar­ka­ly ýük gat­na­wy­nyň en­tek ga­ra­şy­lan de­re­jä ýet­män­di­gi mä­lim edil­di. 2019-njy ýyl­da 61,5 mil­li­on ton­na ýük da­şa­lan bol­sa, 2023-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 57,8 mil­li­on ton­na bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.