Belgiýada geljek ýyl geçiriljek Ýewropa parlamenti üçin saýlawlarda ses bermek ýaşy 18-den 16-a düşürildi. Şeýlelikde, Ýewropa Bileleşiginiň merkezi hasaplanýan ýurtda 16 we 17 ýaşyndaky 270 müň töweregi ýaş saýlawçy ses bermäge hukuk gazandy. Ýurduň ýolbaşçylary syýasy partiýalara ýaşlaryň has köp gatnaşmaklaryny, olaryň pikirlerine has köp hormat goýmagy maksat edinýär.
Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň aglabasynda raýatlar 18 ýaşyndan başlap ses bermäge hukuk gazanýarlar. Emma käbir ýurduň raýatlary 16 ýa-da 17 ýaşynda ses berip bilýär. Awstriýada 2007-nji ýylda, Maltada 2018-nji ýylda ähli saýlawlarda ses bermek ýaşy 16-a, Gresiýada bolsa, 17-ä düşürildi.
Germaniýada bolsa ýylyň başynda Ýewropa saýlawlarynda ses bermek ýaşy 18-den 16-a düşürildi.