Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde tehnologiýa uly ösüşe eýe bolýar. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösüşini energiýasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şonuň üçin energiýa tehnologik ösüşiň gözbaşy hasaplanýar. Häzirki wagtda nebit we tebigy gaz energiýanyň esasy çeşmesi bolmagynda galýar. Ýöne, onuň galyndylary daşky gurşawa zyýan ýetirýär. Ekologiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin alymlar bu meseläniň üstünde köp işlediler we Gün şöhlesinden, suwdan, ýelden energiýany almagyň usullaryny işläp düzdüler. Onda, tebigatymyzyň bu baýlyklary energiýanyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanýan ýel baýramçylygy bütindünýäde her ýylyň 15-nji iýunynda bellenilýär. Bu baýramçylygy bellemek baradaky garaýyşlar Ýewropa ýel energetika assosasiýasynyň we Bütindünýä ýel energiýa birleşiginiň agzalary tarapyndan teklip edildi we bu baýramçylyk ilkinji gezek 2007-nji ýylyň 15-nji iýunynda Ýewropada bellenip başlandy. 2009-njy ýylda bolsa Ýer ýüzüniň 30-dan gowrak ýurdunda bu baýramçylyk uly dabara bilen bellenilip başlandy. Häzirki wagtda bolsa bu baýramçylygy belleýän ýurtlaryň sany ýyl saýyn artýar.
Ýel energiýasynyň ösüşi diňe bir energiýa meselesini çözmäne däl, eýsem ykdysady we ekologiki meseleleri çözmäne hem kömek edýär. Birinjiden ýelden energiýa almakda az çykdajy çykýar. Ikinjiden ýelden energiýa almak amatly bolýar.
Ýer ýüzünde ilkinji ýel elektrik stansiýasy 1890-njy ýylda Daniýada guruldy. Bu elektrik stansiýa ýurduň peýdalanýan energiýasynyň 47%-ni öndürýärdi. Häzirki wagtda 80-den gowrak döwletde ýel elektrik stansiýasy gurlup, müňlerçe adam onuň öndürýän energiýasyndan peýdalanýarlar.
Ýelden elektrik energiýasyny öndürmekde ABŞ, Germaniýa, Ispaniýa, Hytaý we Daniýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.
Bütindünýä ýel güni ýurduň dürli künjeklerinde dürli hili bellenilýär. Köp ýurtda bu baýramçylykda ýel elektrik stansiýasynyň gezelençler guralýar, stansiýanyň taryhy we energiýanyň öndürilişi barada gyzykly maglumatlar gezelenje baran adamlara gürrüň berilýär. Bu maglumatlar adamlarda ekologiýa sowatlylygynyň ösmegine getirýär. Bu bolsa, Ýer ýüzüniň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Enebaý ANNALYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









