Erteki

Ga­dym za­man­lar­da bir tä­ji­riň iki og­ly bo­lup­dyr. Olar ça­ga­lyk­dan bel­li bir hü­nä­re ugrukdyrylmansoň, hiç zat et­män ula­lyp­dyr­lar. Bir gün zäh­met çek­me­gi en­dik edin­me­dik, bir äheň­li dur­muş­dan ha­lys sur­nu­gan tä­ji­riň ogul­la­ry­nyň ahyr­so­ňy iş­dä­si hem ke­si­lip, hor­la­nyp ug­rap­dyr­lar. Tä­jir ýal­ta­lyk­dan ig­läp, nä­hoş­lu­ga uç­ran ogul­la­ry­nyň sa­gal­ma­gy üçin te­bi­be ýüz tut­ýar. Te­bip ge­lip, her nä­çe em et­se-de, ola­ry ys­gyn-my­da­ra ge­ti­rip bil­me­ýär. Alaç tap­ma­dyk tä­jir ahyrsoňy ogul­la­ry­nyň der­di­niň der­ma­ny­ny öz­le­ri tap­ma­gy üçin ola­ry göz­le­ge ug­rad­ýar. Ka­ka­sy bi­len hoş­la­şyp, ker­we­ne go­şu­lan ýi­git­ler en­çe­me men­zil­i kül­ter­län­soň­lar, ekin meý­da­nyn­da iş­läp ýö­ren daý­ha­na ga­bat gel­ýär­ler. «Şul-a bi­hal adam däl bo­la­ra çe­me­li, gel şu daý­han­dan der­di­mi­ze der­man so­ra­ly» di­ýip, oý­la­nan tä­ji­riň ogul­la­ry dü­ýe­den dü­şüp, daý­ha­na ta­rap ýö­nel­ýär­ler:
– Sa­law­ma­leý­kim, ýa­şu­ly! Soň­ky wagt­lar nä­me üçin­dir bi­ziň iş­dä­miz ke­si­lip, ys­gyn-de­ra­ma­ty­myz gal­ma­dy. Şo­ňa gö­rä-de ga­ty hor­la­nyp ug­ra­dyk. In­di biz köp wagt­dan bä­ri der­di­mi­ze der­man göz­läp ýö­rüs. Eý­sem, siz iş­dä­ňi aç­ýan der­ma­ny ta­pyp bol­jak ýe­ri sal­gy be­rip bil­mer­si­ňiz­mi? – di­ýip, daý­han­dan mas­la­hat so­ra­ýar­lar.
Daý­han ola­ryň ýü­zü­ne iç­gin ga­rap:
– Ýi­git­ler, men şeý­le der­ma­nyň ni­re­de bar­dy­gy­ny sal­gy be­rer­dim we­lin, ar­man me­niň işim köp. Men hä­zir şu meý­da­ny sü­rüp, bug­daý ek­mek­çi. Işi­mi dy­na­nym­dan soň, bel­ki-de der­ma­ny­ňy­zyň ug­ru­na çy­ka­rys – di­ýip, jo­gap ber­ýär.
Onuň bu jo­ga­by­na im­ri­nen ýi­git­ler, daý­ha­nyň işi­ni ba­sym­rak dyn­ma­gy üçin tiz­den-tiz kö­mek­leş­me­li di­ýen ka­ra­ra gel­ýär­ler. Olar daý­ha­na ýüz­le­nip:
– Ýa­şu­ly, biz sa­ňa kö­mek ede­li! Ba­sym­rak iş­le­ri­ňi dy­na­ny­myz­dan soň bol­sa, şo di­ýil­ýän iş­dä aç­ýan der­ma­ny ni­re­den ta­pyp bol­jak­dy­gy­ny bi­ze sal­gy ber! – diý­ýär­ler.
Daý­han ola­ra syr bil­dir­män, ökü­ze go­şu­lan kün­de bi­len gi­den ýeri sür­me­gi tab­şy­ryp öýü­ne gaýd­ýar. Ol öýü­ne gi­dip bug­daý to­hu­my­ny ge­tir­ýän­çä, ýi­git­ler bug­daý ekil­jek meý­da­ny sü­rüp, pe­li­ni çek­ýär­ler. Soň­ra ýe­re dä­ne se­pip, suw tu­tu­şan og­lan­lar kö­le­ge­de öz­le­ri­ni syn­lap otu­ran daýhanyň ýa­ny­na ge­lip, äh­li işi dy­nan­dyk­la­ry­ny aýd­ýar­lar. Daý­han ola­ra «taň­ry­ýal­ka­syn» aý­dyp, şeý­le diý­ýär:
– Og­lan­lar, in­di ga­raň­ky gat­lyş­dy. Bu gün iş­läp bil­di­ňiz. Bu gün me­niň myh­ma­nym bo­luň! En­şal­la, er­tir der­ma­ny­ňy­zyň ug­ru­na-da çy­ka­rys – di­ýip, ola­ry öýü­ne alyp gaýd­ýar.
Daý­ha­nyň aýa­ly sa­ça­ga ag­şam­lyk na­ha­ry­ny go­ýup, myh­man­la­ra hyz­mat ed­ýär. Ag­şam­lyk naharyny edi­nen og­lan­lar iş­dä­le­ri­niň açy­la­ny­na geň ga­lyp, na­ha­ra nä­hi­li der­ma­nyň go­şu­lan­dy­gy­ny so­ra­ýar­lar. Daý­han ýyl­gy­ryp:
– Ogul­la­rym, na­ha­ra go­şu­lan zat ýok. Bu bir ada­ty na­har. Si­ziň göz­le­ýän der­ma­ny­ňyz na­har bi­len bag­ly däl-de, zäh­met bi­len bag­ly. Siz uzak­ly gün meý­dan­da zäh­met çe­kip, bug­daý ek­di­ňiz. Şo­nuň üçin iş­dä­ňiz hem açy­lyp, özü­ňi­ze gel­di­ňiz. Bil­se­ňiz, zäh­met äh­li der­diň der­ma­ny­dyr. Şol se­bäp­li ýal­ta­ly­gy bir gy­ra go­ýup, zäh­met çek­me­gi özü­ňi­ze en­dik edi­niň! – di­ýip, og­lan­la­ryň göz­le­ýän der­ma­ny­nyň sy­ry­ny äş­gär ed­ýär.
«Iş aşa çe­ker, ýal­ta­lyk – ba­şa»