«Giňdir dünýä, geňdir dünýä» diýlişi ýaly, Ýer ýüzüniň dürli künjeginde haýran galdyrýan tebigy gözellikler duş gelýär. Gaýtalanmajak tebigatly ýerleriň biri hem Peruwyň älemgoşar daglarydyr. Günorta Amerikanyň iň gözel ýerleriniň biri bolan reňkli gaýalar müňlerçe ýylyň dowamynda ýagynyň we ýeliň netijesinde emele gelipdir. 14 dürli mineral gatlakdan emele gelen älemgoşar daglary 2015-nji ýylda syýahatçylyk pudagynda hökmany görmeli ýerleriň sanawyna goşuldy. And daglarynyň bir bölegi bolan bu ýerde birnäçe tebigy täsinlikleri synlap bolýar. «Winikunka» reňkli dag» hem diýlip atlandyrylýan älemgoşar dagyna her gün 1 müň 500 adam gelýär. 2013-nji ýylda dagyň üstündäki buzlaryň eräp başlamagy bilen älemgoşar dagynyň gözelligi ýüze çykýar. Gyzgylt, sary, mämişi, altynsow, ýaşyl reňkler dagyň gerişlerinden zolak-zolak bolup geçýär. Kusko etrabyndan 62 kilometr uzaklykdaky älemgoşar daglary 5 müň 200 metr belentlikde ýerleşýär. Daga çykylýan ýörite gezelenç ýodalary bar. Bu ýerde ýapgyt depelere çykmakda kynçylyk çekýänler üçin atlar hem kärendesine berilýär. Ýagny dagyň depesine pyýada däl-de, atly çykyp bolýar. Älemgoşar dagyna mart-noýabr aýlary aralygynda gezelenç etmäge rugsat berilýär. Gün dogýan ýa-da Gün batyp gelýän wagty älemgoşar dagy has-da owadan görünýär.