Gü­ne­ba­kar­yň hem­me­si­niň bir­ wagt­da Gü­ne bakmaklary tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­dyr. Eý­sem, bu ösüm­lik gül açan­­dan soň­ra he­mi­şe Gü­ne bak­ýar­­my?! Ge­çi­ri­len yl­my-bar­lag­ iş­le­rin­de bu ösüm­li­giň di­ňe şöh­lä­niň güýç­li düş­ýän ta­ra­py­na se­red­ýän­di­gi kes­git­len­di. Eger ýag­ty­lyk äh­li ta­rap­dan deň dü­şe­nin­de onuň dik­li­gi­ne ös­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Ýag­ny bu ösüm­lik açyk meý­dan­da eki­len­de Gü­ne ta­rap, he­mi­şe kö­le­ge­li ýer­de ösen ýag­da­ýyn­da dik­li­gi­ne ös­ýär. Gü­ne­ba­ka­ryň şöh­lä se­ret­me­gi­niň esa­sy se­bä­bi «auxin» at­ly gor­mon ha­sap­lan­ýar. Bu gor­mon ösüm­li­giň nä­hi­li ös­jek­di­gi­ni, ulu­ly­gy­ny we ba­şy­ny haý­sy ta­ra­pa öwür­jek­di­gi­ni kes­git­le­ýär. Gü­ne­ba­ka­ryň gül­le­me­gi ta­mam­la­nyp, hasyla du­ran­dan soň­ra agyr­la­şan­dy­gy se­bäp­li adat­ça gün­do­ga­ra ta­rap öw­rül­ýär.
Bu bir­ýyl­lyk ösüm­li­giň çi­gi­di ir-iý­miş hök­mün­de iýil­ýän bol­sa, azyk­lyk ýag al­mak­da hem peý­da­la­nyl­ýar. Ösüm­lik ýa­gy­ny al­mak­da gü­ne­ba­kar so­ýa­dan we ara­his­den soň­ra dün­ýä­de üçün­ji ýer­de dur­ýar. Uzyn­ly­gy ýa­rym metr­den 3 met­re çen­li bol­ýan bu ösüm­li­giň be­zeg mak­sat­ly gör­nüş­le­ri hem bar. Onuň gü­lü­niň dia­met­ri 40 san­ti­met­re, on­da­ky çi­git­le­riň sa­ny 1500-e çen­li ýet­ýär. Ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýan bu ösüm­lik 80-140 gün­ ara­ly­gyn­da ýe­tiş­ýär. Şöh­lä­niň we ys­sy­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy gü­ne­ba­kar çi­gi­din­dä­ki ýag muk­da­ry­ny kö­peld­ýär.