«Tesla» 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da sanawda özünden soň gelýän öňdebaryjy 18 kompaniýany bilelikde alandakydan hem has köp elektroulag satdy. Netijede, «Tesla» ABŞ-daky elektroulag bazarynyň 63%-e golaýyny eýeledi.
«Model Y» krossoweri iň köp satylan model bolup galdy, ondan soň «Model 3» gelýär. Iň meşhur elektroulaglaryň arasynda «Chevrolet Bolt EUV», «Volkswagen ID. 4» we «Chevrolet Bolt» öňe saýlanýar.
Umuman alanyňda, ABŞ-da elektroulag satuwy birinji çärýekde birnäçe ulaglara («Tesla»-ny hem goşmak bilen) 7 müň 500 dollara çenli bolan salgyt subsidiýasynyň girizilmegi bilen, 79% ösdi. Şol bir wagtyň özünde bu artykmaçlyklar «Hyundai», «Nissan», BMW, «Audi» we «Volvo» ýaly awtoulaglara degişli däldir.