Bu ýylky syýahatçylyk möwsümi Horwatiýa rekord derejede girdeji getirip biler. Ýylyň başyndan bäri ýurda Ýewropa ýurtlaryndan millionlarça syýahatçy gelip, umumy syýahatçylyk akymy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20% artykdyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu pudakda oňyn depginler göze ilýär.
Bilermenler syýahatçylyk pudagynyň işjeňliginiň artmagyny, esasan, Horwatiýanyň Şengen zolagyna girmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Galyberse-de, koronawirus pandemiýasyndan soň ýurduň syýahatçylyk pudagy ýene-de janlanyp ugrady. 2022-nji ýylda bu pudak döwlet gaznasyna rekord derejede, ýagny 14 milliard dollar girdeji getirdi. Bu ýyl görkezijiniň birnäçe esse artyp biljekdigi çaklanylýar.
Horwatiýanyň syýahatçylyk assosiasiýasynyň baş direktory Kristian Staniçiç şeýle gürrüň berýär:
– Häzirki wagtda biziň ýurdumyza 5 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçy gelip, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 20% ýokarydyr. Biz hatda 2019-njy ýylyň rekord derejedäki ösüşinden hem ýokary işjeňligiň şaýady bolýarys. Şu ýylyň başyndan bäri syýahatçylyk akymy has-da artyp, bu ösüş Horwatiýanyň Şengen sebitine girmeginiň netijesidir. Syýahatçylaryň köpüsi, esasan, Sloweniýadan, Italiýadan, Wengriýadan, Awstriýadan we Germaniýadan gelýärler. Galyberse-de, ýerli syýahatçylyk akymy hem barha artýar.