22-23-nji iýun­da Pa­ri­žiň ta­ry­hy Bron­ýar köş­gün­de tä­ze glo­bal ma­li­ýe şert­na­ma­sy bo­ýun­ça iki gün­lük sam­mit ge­çi­ril­di. Ho­wa­ny go­ra­mak we ga­ryp­ly­ga gar­şy gö­reş me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len gu­ra­lan fo­ru­myň işi­ne 100 tö­we­re­gi ýur­duň, ösüş bank­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ro­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len bu sam­mit Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň (HPG), döw­let we hu­su­sy gaz­na­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da has berk ma­li­ýe ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­ňeş­me­le­re ba­gyş­lan­dy. Sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar se­na­gat taý­dan ösen ýurt­lar bi­len, esa­san hem, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­rin­den zy­ýan çek­ýän glo­bal Gü­nor­ta (Azi­ýa, Af­ri­ka we La­tyn Ame­ri­ka­sy) ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bar­ha art­ýan boş­lu­gy ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len ze­rur tek­lip­le­ri or­ta at­dy­lar.

Döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry, şol san­da, Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ri­şi Su­nak öz çy­kyş­la­ryn­da, dün­ýä­niň ila­ty­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar. Şeý­le hem hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ryn­da çyn­la­kaý öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­giň, ma­li­ýe ul­ga­my­ny hä­zir­ki za­man dün­ýä­si­ne uý­gun­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

«Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ös­ýän ýurt­la­ry­nyň ma­ýa go­ýum ze­rur­lyk­la­ry bar­ha ar­typ, yk­dy­sa­dy ösüş, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş we bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak üçin 2030-njy ýy­la çen­li 2 tril­li­on dol­lar möç­be­rin­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni ta­lap ed­ýär» di­ýip, sam­mi­te gat­na­şan fran­si­ýa­ly bi­ler­men­ler bel­le­ýär­ler.