Uç­ýan ta­rel­ka­nyň sy­na­gy. Hy­ta­ýyň Şenç­žen şä­he­rin­de dün­ýä­de il­kin­ji do­lan­dy­ryl­ýan uç­ýan ta­rel­ka sy­nag­dan ge­çi­ril­di. «iUFO» at­ly bu en­jam «Shenz­hen UFO» teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça dö­re­dil­di. Onuň al­ty sa­ny ho­wa çy­ka­ry­jy­sy hem-de dik uç­mak we gon­mak üçin 12 sa­ny per­li nur­ba­ty bar, şeý­le-de ol uçar­man üçin ýer bi­len üp­jün edi­len­dir.

3,5 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň Ha­ti­no­he şä­he­rin­de guralan auk­si­on­da ýo­ka­ry hil­li çe­reşnýa­nyň 15 sa­ny­sy­na 500 müň ýen (3,5 müň dol­lar­dan gow­rak) tö­le­di­ler. Bu söw­da­nyň bü­tin ta­ry­hyn­da iň gym­mat ba­ha­dyr. «Ao­mo­ri hart­bit» sort­ly bu mi­we ýü­re­giň keş­bi­ni ýat­lad­ýar. Çereşnýa köpleriň ha­la­ýan miwesidir.

Ýü­zük ta­pan mil­lio­ner bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly Al­bert Teý­lor Roks­weliň meý­dan­dan tapan 8 gram­lyk al­tyn ýü­zügi ga­dy­my ta­pyn­dy bo­lup çyk­dy. Ol ýü­zü­gi Lon­don­da­ky söw­da auk­si­onynda sa­typ, 23 müň funt ster­ling ga­zan­dy. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, ýü­zük XIV asyr­da ýa­şan ka­zy Wil­ýam Skri­ne de­giş­li bol­ma­ly.

Re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Hin­dis­tan­ly 16 ýaş­ly gyz Sruş­ti Sud­hir Jag­tap gys­ga ara­kes­me­ler bi­len 127 sa­gat­lap kat­hak tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip, dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Ol 29-njy maý­da ir­den tans edip baş­la­dy we tan­sy­ny 3-nji iýun­da, sa­gat 12:00-da ta­mam­la­dy. Her sa­gat­dan soň Sruş­ti bi­raz ara­kes­me et­di. Öň­ki re­kord 126 sa­gada deň.