30-njy iýun­dan 4-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky ko­mi­te­tiň baş­ly­gy B.Mu­ham­me­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ÝHHG-niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky 30-njy mej­li­si­ne gat­naş­dy. Bu çä­rä ÝHHG-niň se­bi­ti­niň howp­suz­lyk, hyz­mat­daş­lyk we de­mok­ra­ti­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin par­la­ment ag­za­la­ry we ÝHHG ag­za döw­let­le­riň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ýyl­da ge­çi­ril­ýän mej­lis ter­ror­çy­lyk, ki­ber howp­lar, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýa­ta gar­şy gö­reş­mek ýa­ly ÝHHG döw­let­le­ri­niň öňün­de dur­ýan we­him­le­ri çöz­mek me­se­le­si­ne ba­gyş­lan­dy. Şeý­le-de de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­mek, adam hu­kuk­la­ry, dur­nuk­ly ösüş we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. ÝHHG se­bi­ti­ne tä­sir ed­ýän daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak üçin bi­le­lik­de he­re­ket et­me­giň ze­rur­ly­gy nyg­tal­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga, me­de­ni dia­lo­ga, eko­lo­gi­ýa dur­nuk­ly­ly­gy­na we ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş alyp bar­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Hu­su­san-da, ol ÝHHG ýurt­la­ryn­da­ky mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek we se­bi­tiň köp­çü­lik­le­ýin howp­suz­ly­gy we gül­läp ös­me­gi üçin ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň or­nu­na ün­si çek­di.
Ses­si­ýa­nyň do­wa­myn­da ýa­rag­la­ra gö­zeg­çi­lik, saý­law­la­ra syn et­mek, kor­rup­si­ýa gar­şy gö­reş we gen­der deň­li­gi ös­dür­mek ýa­ly köp san­ly me­se­lä­ni öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe ka­rar ka­bul edil­di.
Mej­lis gep­le­şik­ler­den ge­lip çyk­ýan esa­sy ne­ti­je­le­ri, borç­na­ma­la­ry we tek­lip­le­ri kes­git­le­ýän Wan­ku­wer Jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len ta­mam­lan­dy. Bu res­mi­na­ma me­se­le­le­ri çöz­mek we gu­ra­ma­nyň gym­mat­lyk­la­ry­ny öňe sür­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­na gö­nük­di­ri­len ÝHHG-nyň gel­jek ýyl­da alyp bar­jak iş­le­ri üçin ýol kar­ta­sy bo­lup hyz­mat eder.