FIFA futbolyň iň jedelli düzgüni bolan ofsaýda uly täzelik girizmekçi bolýar. Häzirki wagtda jedelli ýagdaýlarda aglaba VAR-yň kömegi bilen kesgitlenilýän ofsaýd düzgüninde mundan soň jedelli pursatlaryň azalmagyna garaşylýar. Futbola düzgünleri girizýän guramanyň –  IFAB-yň teklibi esasynda giriziljek täze düzgüne görä, futbolçynyň tutuş bedeni (göwresi) goragçydan öňde bolan ýagdaýda ofsaýd berler. Ýagny mundan soň diňe dyz, egin öňde bolan halatynda ofsaýd berilmez. Şu günki günde egniň, dyzyň, hatda, kähalatlarda millimetrlik tapawutlar bilen hem ofsaýdyň berilýän pursatlary bar

Täze düzgün ilki başda 3 ýurtda – Italiýadyr Şwesiýanyň, şol sanda Niderlandlaryň aşaky ligalarynda bir ýyl möhlet bilen synag ediler. Eger-de synag şowly geçse, onda FIFA bu täze ofsaýd düzgünini dünýä futbolyna girizer.