4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň Li­der­le­ri­niň bu du­şu­şy­gyn­da bu gu­ra­ma­nyň ge­çen ýyl­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň jem­le­ri jem­le­nil­di, işiň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nil­di, beý­le­ki döw­let­ler we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk, se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň has mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şu ýyl Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy baş­lyk­lyk ed­ýär. Ge­ňe­şiň mej­li­si baş­lan­maz­dan ozal, Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­le­di.
Şu ge­zek­ki sam­mit «Howp­suz ŞHG ýo­lun­da» (To­wards a SECURE SCO) mow­zu­gy bo­ýun­ça geç­ýär. Iň­lis­çe «SECURE» di­ýen gys­gal­dy­lan adal­ga­ny ŞHG-niň 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyn­da Na­rend­ra Mo­di tek­lip edip­di. Şun­da S har­py ra­ýat­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny (securi­ty for citi­zens), E yk­dy­sa­dy ösü­şi (econo­mic develop­ment), C se­bit gat­na­şyk­la­ry­ny (con­nectivity in the re­gi­on), U ag­zy­bir­li­gi (uni­ty), R döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­na we çäk bi­te­wü­li­gi­ne hor­mat goý­ma­gy (res­pect of sovereign­ty and in­teg­ri­ty), E har­py bol­sa daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak (environ­ment pro­tecti­on) diý­me­gi aň­lad­ýar.
Du­şu­şy­ga ŞHG-ä ag­za döwletleriň Baştutanlary gat­naş­dy­lar. Sam­mi­te syn­çy döw­let­le­riň Li­der­le­ri hök­mün­de Eý­ra­nyň, Be­la­ru­suň we Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­dent­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hor­mat­ly myh­man hök­mün­de ça­gy­ryl­dy. Şeý­le hem mej­li­se bu gu­ra­ma­nyň he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän iki eda­ra­sy­nyň, bir­nä­çe hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry go­şul­dy­lar. Hin­dis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy ýyg­na­nan­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mi­te gat­naş­ýan döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­na, we­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­na we ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, Prem­ýer-mi­nistr Na­rend­ra Mo­dä şu mö­hüm mej­li­se hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wi Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­ly­gy ka­bul et­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, dost­luk­ly ýur­duň ŞHG-de baş­lyk­lyk et­jek döw­rün­de äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­ni Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ŞHG-ä ag­za­ly­ga ka­bul edil­me­gi, Pre­zi­dent Alek­sandr Lu­ka­şen­ko­ny bol­sa Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň gu­ra­ma do­ly hu­kuk­ly ag­za döw­le­tiň de­re­je­si­ni al­ma­gy ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi bi­len gut­lap, ola­ra tä­ze gör­nüş­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň bu fo­ru­ma gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­ta­na, onuň alyp bar­ýan ne­ti­je­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na bil­di­ril­ýän uly hor­ma­tyň ny­şa­ny­dyr. Öza­ra bäh­bit­li, kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ne dü­şü­niş­me­giň hem-de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­ly­gyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len gat­na­şyk­lar bi­ziň ýur­du­myz üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Bu gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry, oňa syn­çy hök­mün­de gat­naş­ýan ýurt­lar Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry, goň­şu­la­ry we dost­la­ry­dyr.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu gu­ra­ma bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ösü­şi, dün­ýä we se­bit iş­le­ri­ne ýur­du­my­zyň gat­naş­ma­gy­nyň umu­my ug­ry bi­len ut­gaş­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Şeý­le-de, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag, ener­ge­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­ra­ýan­dy­gy, bu baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýur­du­my­zyň öza­ra bäh­bit­li, uzak möh­let­le­ýin esas­da gat­naş­ma­gy­nyň oňat müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­ýän­di­gi aý­dyl­dy.
Şeý­le işiň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Bu bol­sa bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň kuw­wat­ly se­riş­de, önüm­çi­lik bin­ýa­dy, aý­ra­tyn-da, soň­ky ýyl­lar­da ulag-lo­gis­ti­ka, ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­gam­la­ry­nyň ös­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Ol öza­ra iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si­niň top­la­nan­dy­gy we baş­ga-da bir­nä­çe müm­kin­çi­lik­ler bi­len şert­le­nen­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, di­ňe pug­ta pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly howp­suz­lyk üp­jün edi­len­de, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li bol­jak­dy­gy äş­gär­dir. Türk­me­nis­tan bu örän mö­hüm iki we­zi­pä­ni ama­la aşyr­mak­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş­le­riň bir­nä­çe anyk ugur­la­ry­na üns ber­me­gi tek­lip et­di.
Bi­rin­ji­den, ki­ber­howp­suz­lyk we bio­howp­suz­lyk ul­ga­myn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak; ikin­ji­den, tä­ze yk­ly­ma­ra we se­bit üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, bar bo­lan­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len lo­gis­tik işiň amat­ly usu­ly­ny eme­le ge­tir­mek; üçün­ji­den, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry me­ýil­leş­dir­mek ar­ka­ly yzy­gi­der­li we uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin şert­le­ri dö­ret­mek­dir. Gür­rüň Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek we gel­jek­de da­şar­ky ba­zar­la­ra çyk­mak ba­ra­da bar­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Dör­dün­ji­den, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin bin­ýa­dy dö­ret­mek di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Bä­şin­ji­den, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi äh­li gy­zyk­lan­ýan ta­rap­la­ra tek­lip et­di. Ýo­kar­da bel­le­nip ge­çi­len ugur­la­ryň her bi­ri bo­ýun­ça il­kin­ji ädim hök­mün­de bi­ler­men­le­riň de­re­je­sin­de ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­gi mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­ryn. Şeý­le ge­ňeş­me­le­riň bi­ziň şert­le­ri­mi­ze we ze­rur­lyk­la­ry­my­za oňat ba­ha ber­mä­ge, şo­nuň esa­syn­da mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­me­giň ýol­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gin­den ugur al­ýa­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­ýan edi­len baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň il­kin­ji no­bat­da­ky çä­re­le­ri­ni kes­git­le­di.

Hyz­mat­daş­ly­gyň bu gör­nü­şi Türk­me­nis­tan–Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň beý­le­ki mö­hüm ugur­la­ryn­da hem ula­ny­lyp bil­ner we hyz­mat­daş­ly­ga yzy­gi­der­li­lik hä­si­ýe­ti­ni be­rer di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. Şeý­le-de, ol me­de­ni-yn­san­per­wer, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da-da ula­ny­lyp bil­ner di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, ýur­du­my­zyň Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len gat­na­şyk­la­ry­na stra­te­gik nuk­daý­na­zar­dan se­red­ýä­ris. Şeý­le çe­me­leş­me asyr­la­ra uzap gid­ýän ru­hy we me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­my­za esas­lan­ýar. Bu gat­na­şyk­lar bi­ziň halk­la­ry­my­zyň­dyr döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär di­ýip bel­le­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz bi­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň dür­li dü­züm­le­riň we esa­sy hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de uzak möh­let­li hyz­mat­daş­lyk et­me­gi üçin goş­ma­ça şert­le­ri we müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len giň­den hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­läp, öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hor­mat goý­ma­gyň, yna­nyş­ma­gyň ýe­ti­len de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Bi­ziň ýur­du­myz hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we öza­ra bäh­bit­le­ri­ni, onuň halk­la­ry­my­zyň­dyr döw­let­le­ri­mi­ziň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri çuň ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ŞHG-niň çäk­le­rin­de giň ugur­lar bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­riň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň bar­şyn­da mej­li­se gat­na­şy­jy­lar gu­ra­ma­nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na, mil­li gym­mat­lyk­la­ra hem-de bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak esa­syn­da bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky pi­ki­ri bi­ra­gyz­dan be­ýan et­di­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni-yn­san­per­wer, beý­le­ki ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Sam­mi­tiň jem­le­ri bo­ýun­ça Nýu-De­li Jar­na­ma­sy we beý­le­ki bir­nä­çe res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di.