7-nji iýulda USAID-iň Türkmenistandaky ýurt wekili Nino Nadiradze we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew hususy pudagy güýçlendirip Türkmenistanda ykdysady ösüşi we ýurdyň gülläp ösmegini ýokarlandyrmak maksady bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Özara düşünişmek barada Ähtnama hususy pudagyň önümleriniň we hyzmatlaryň eksportyny giňeltmek, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlygy üpjün edýär. Mundan başga-da, bu Ähtnama USAID-iň aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, şeýle hem sanlylaşdyrmagy, elektron söwdany we işewürlik pudagynda innowasiýalary goldamak üçin tutanýerli goldawyny nygtaýar.