Şu gün USAID Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji ça­gy­ry­şy­nyň 27 de­pu­ta­ty üçin hal­ka­ra par­la­ment tej­ri­be­si bo­ýun­ça iki gün­lük okuw-mas­la­ha­ty­ny ta­mam­la­dy. USAID-iň “Döw­le­ti do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek” (GSP) tas­la­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bu okuw-mas­la­ha­tyn­da gat­na­şy­jy­lar ka­nun­çy­ka­ry­jy­ly­gyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri, da­şa­ry ýurt par­la­ment­le­riň işi­niň ne­ti­je­li pro­ses­le­ri hem-de ka­nun­çy­ka­ry­jy we we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ba­ha­lan­dyr­mak ýa­ly mow­zuk­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, okuw-mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da de­pu­tat­la­ryň gün­de­lik işin­de ula­nyp bol­jak ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk pros­se­sin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ula­nyl­ma­gyň usul­la­ry­na hem se­re­dil­di.
USAID ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len Türk­men par­la­men­ta­ri­le­riň ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. 2022-nji ýyl­da USAID Türk­me­nis­tan Mej­li­si­niň we­kil­le­ri üçin dip­lo­ma­tik usul­la­ry ar­ka­ly par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça “Par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy” at­ly üç hep­de­lik okuw-mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Tä­ze saý­la­nan türk­men de­pu­tat­la­ry üçin bu gi­riş okuw-mas­la­ha­tyn­dan da­şa­ry, USAID ne­ti­je­li do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek we se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy ga­zan­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam eder. USAID me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­riň çä­gin­de Türk­men par­la­men­ta­ri­le­riň we ABŞ-nyň Kong­re­si­niň we­kil­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak bo­ýun­ça okuw sa­par­la­ry gu­ra­mak­da hem ýar­dam be­rer.
USAID ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän we “Q2 Im­pact” (ozal­ky QED Group LLC) kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän “Döw­le­ti do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek” (GSP) tas­la­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da öz işi­ni alyp bar­ýar. Bu tas­la­ma ýur­du­myz­da­ky döw­let eda­ra­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni, ha­sa­bat­ly­ly­gy­ny we aýan­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
USAID – dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra ösüş gu­ra­ma­sy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­niň ýar­dam be­ri­ji­si bo­lup dur­ýar.