Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syýasatyna bolan ählihalk ynamynyň aýdyň beýanydyr. Özbegistan Respublikasynyň Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüş ýolunda ýokary netijeleri gazanýar we onuň halkara abraýy belende galýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda özbek Lideriniň ägirt uly şahsy goşandynyň bardygyny belledi.
Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew giň ugurlary öz içine alýan we ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda Özbegistanyň doganlyk Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýete eýedigini bellediler. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem möhüm üns berilýär. Şeýle hem goňşy döwletleriň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.