Şu gün Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­ny pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi hem-de on­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Mu­nuň özi Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň dur­mu­şa ge­çir­ýän sy­ýa­sy ug­ru­nyň hem-de onuň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýurt­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň äh­li­halk gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di.
Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de hem türk­men-öz­bek dia­lo­gy­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ok­gun­ly dep­gi­ne eýe­dir. Ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, oba ho­ja­lyk ul­gam­la­ryn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar gi­ňel­dil­ýär. Par­la­men­ta­ra hem-de se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ne­ti­je­li türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge hem-de bu hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge goş­ýan uly şah­sy go­şan­dy­ny bel­läp, Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­ny saý­law­lar­da ga­za­nan ýeň­şi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy we oňa berk jan sag­lyk, ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­dä­ki jo­gap­kär­li işin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew gut­lag­lar hem-de hoş­ni­ýet­li ar­zuw­lar üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Öz­be­gis­tan­da Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den buý­sa­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hä­zir­ki wagt­da yzy­gi­der­li bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ne­ti­je­sin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da türk­men ha­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­tyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­de hem ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne hem-de çuň­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na