Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ta­ry­hy me­ka­nyn­da bin­ýat bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­di.
Bi­rin­ji mej­li­se Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­row, Gaz­na­nyň ha­sap­çy­sy Ý.Çer­no­wa, Gaz­na­nyň pre­zi­den­ti­niň kö­mek­çi­si Ý.Ora­zow, Gaz­na­nyň Iş do­lan­dy­ry­jy­sy K.Ba­ba­ýew, onuň hu­kuk­çy­sy M.Ho­jam­ber­di­ýe­wa, şeý­le hem Gaz­na­nyň me­dia-ha­bar­lar we­ki­li A.Jep­ba­row, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry M.Ökü­zo­wa hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew gat­naş­dy­lar.
Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ge­çen dö­wür­de alyp ba­ran iş­le­ri, şeý­le hem Gaz­na­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy, onuň işi­niň gu­ra­ly­şy hem-de iş­le­riň al­nyp ba­ry­ly­şy ha­kyn­da­ky we beý­le­ki me­se­le­ler gi­ri­zil­di.