10-njy iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry We­pa Ha­ji­ýew Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň met­bu­gat azat­ly­gy bo­ýun­ça we­ki­li Te­re­za Ri­beý­ro bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri, şeý­le hem met­bu­gat azat­ly­gy bo­ýun­ça we­ki­li­niň man­da­ty­na de­giş­li ÝHHG-niň üçün­ji öl­çe­gi­niň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
W.Ha­ji­ýe­wiň bel­le­me­gi­ne gö­rä, soň­ky ýyl­la­ryň için­de bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk tä­ze de­re­jä çyk­mak bi­len, ul­gam­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan bi­len we­ki­liň Eda­ra­sy­nyň ara­syn­da­ky oňyn hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň wa­jyp bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Ta­rap­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de yzy­gi­der esas­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär, olar ha­bar­çy­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik bi­len gat­na­şyk­lar ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri­niň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­riň san­ly ge­çi­şi­ne ýar­dam ber­mä­ge we ş.m. gö­nük­di­ri­len­dir.
Ta­rap­lar şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da mil­li we se­bit de­re­je­le­rin­de met­bu­gat ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk­la­ry­ny bil­dir­di­ler.